1433
Hytaýda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisinde türkmen işewürleriniň işlerine garaşylýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň habar bermegine görä, türkmen telekeçileri 2023-nji ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Hytaýyň Çongçin şäherinde geçiriljek halkara intellektual senagatynyň sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu sergi üç gün dowam edip, onuň çäklerinde ýörite onlaýn we daşarky sergi diwarlyklary dörediler.
“Smart China Expo 2023” atly sergi 2018-nji ýyldan bäri her ýyl Çongçinde geçirilip, sergi intellektual eýeçilik we täze tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin amatly giňişlikdir.
Sergi şahsy gatnaşyk we wideoaragatnaşyk arkaly utgaşykly yzygiderli geçirilýär.
Aýgül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.
Latest News
21/08/2026
Halkara hukuk: umumy giňişlik, bitewi dünýä
20/08/2026
Dünýäniň nazary ahalteke bedewinde!
14/08/2026
HAZARYŇ DOSTLUK MUKAMY DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR