11/09/2026
139
HÜNÄR TEJRIBELIGI — GELEJEKKI ÜSTÜNLIGIŇ ILKINJI ÄDIMI
Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle işleriň hatarynda ylym-bilimiň döwrebap ösüşlerini hem aýratyn bellemek gerek. Şunda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler, ylmyň iň täze ugurlary, sanly tehnologiýalar aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Halkara gatnaşyklary ulgamynda ýokary hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde nazary bilimler bilen bir hatarda, amaly tejribäniň hem aýratyn ähmiýeti bardyr. Hususan-da, geljekki halkara hukukçy hünärmenleri üçin diplomatik wekilhanalarda geçirilýän önümçilik tejribeliginiň hünär endiklerini ösdürmekde, halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmakda möhüm ähmiýeti bardyr.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau ş.) diplomatik wekilhanasynda geçýän önümçilik tejribeligimiz hünär kämilligimizi artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Önümçilik tejribeligi okuw ýyllarynyň dowamynda alnan nazary bilimleri amaly taýdan berkitmek, diplomatik işiň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak, halkara gatnaşyklary we halkara hukugy boýunça amaly endikleri kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikler bolup durýar. Diplomatik wekilhananyň gündelik işine, dürli resminamalaryň taýýarlanyşyna, halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleriň öwrenilişine gatnaşmak geljekki hünärmen üçin gymmatly tejribedir.
Ýurdumyzda belent maksatlara gönükdirilen işleri amal etmek üçin ýaşlaryň, bir tarapdan, häzirki döwürde adamzadyň ylym-bilimde we hünär taýýarlygynda gazanan netijelerini özleşdirmegi, ikinji tarapdan, Watanymyzyň geljegine bolan beýik ynama eýe bolmagy zerurdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň maksady hem döredijilikli we başarjaň, Watanyny jany-teni bilen söýüp, onuň ajaýyp geljegine goşant goşmaga ukyply, hünärine ussat adamlary ýetişdirmekden ybaratdyr.
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby