Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
        • INTERNATIONAL CONFERENCE IN THE CONTEXT OF THE BELT AND ROAD INITIATIVE
      • Ambassadors' lectures
        • TRAINING SESSION HELD BY AN AMBASSADOR EXTRAORDINARY AND PLENIPOTENTIARY OF MALAYSIA TO TURKMENISTAN
      • International days
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
        • A SESSION WITH MEMBERS OF THE SCHOOL OF YOUNG DIPLOMATS WAS HELD
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYGYŇ AÝDYŇ NUSGASY
    HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYGYŇ AÝDYŇ NUSGASY surady
    19/11/2025

    1007

    HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYGYŇ AÝDYŇ NUSGASY

    Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, durnukly esasda ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň 16-17-nji noýabrynda Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrmagy sebit hyzmatdaşlygynda, şol sanda-da türkmen-özbek gatnaşyklarynda möhüm tapgyry alamatlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň sebit ýurtlarynyň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabat gelmegi ony mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar.

    Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklar barha ýygjamlaşýar. Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi hem döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine aldy. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guraldy. Azerbaýjan Respublikasynyň hem ilkinji gezek şu formata doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy Daşkent duşuşygynyň esasy aýratynlygydyr. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etdi.

    Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň ýüreginde, Amyderýanyň we Syrderýanyň aralygynda ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň dynuwsyz kerwenlerini goýnundan geçiren Özbegistan biziň ýurdumyzyň hoşniýetli goňşusy, ýakyn dosty, ygtybarly hyzmatdaşydyr. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Şondan bäri hem ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar has ýygjamlaşyp, dostlukly gatnaşyklar giňeldilýär. Geçen ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ýokary derejeli döwlet, resmi hem-de iş saparlarynyň ençemesi amala aşyryldy.

    Daşkentdäki «Kuksaroý» köşgünde döwlet Baştutanymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmagy döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar.

    Özbek paýtagtyndaky «Kuksaroý» köşgüniň metbugat maslahatlary otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde dürli ugurlara degişli möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi we alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda türkmen-özbek bilermenler geňeşini döretmek hakynda Ähtnamanyň bolmagy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň köpugurly mümkinçilikleriniň aýdyň beýany boldy.

    Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Döwletara gatnaşyklarda Türkmenistanyň ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyza dostlukly ýurduň abraýly döwlet sylagynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň halkara giňişlikde, hususan-da, Özbegistan bilen hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny we medeni-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda öňe süren umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň we alyp barýan tutumly işleriniň ykrar edilýändigini görkezýär.

    Döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Gülüstan geňeşliginiň çäginde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda gurlan türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň ulanmaga berilmegi şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu wajyp taslamanyň durmuşa geçirilmegi haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýumlary çekmek, iki ýurduň telekeçileriniň we hojalygy ýöredýän subýektleriniň arasynda özara tejribe alyşmak hem-de gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

    Häzirki wagtda iki ýurduň Liderleriniň taglymatlary hem mazmun taýdan kybapdaş pikir-garaýşa esaslanýar. Bitarap Türkmenistan «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeler bilen dünýä ýaň salýan bolsa, Özbegistan «Ähli zat ynsan gadyry üçin», «Täze Özbegistanda il eziz, ynsan eziz» diýen şygarlar bilen öňe barýar. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň 16-17-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Goý, türkmen-özbek dostlugy mundan beýläk-de gülläp össün!


    Kaýum ZAHYROW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI