58
Halkara hyzmatdaşlygy ilerleýär
Şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 25 ― 31-nji oktýabry aralygynda Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Saud Al-Nasser Al-Sabah adyndaky Diplomatik instituty tarapyndan geçirilen «Diplomatik myhmansöýerlik» atly okuw maksatnamasynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti El-Kuweýt şäherinde boldy. Wekiliýetiň düzüminde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bilim alýan talyp ýaşlar hem bar.
Ilkinji günlerden başlap, myhmanlar ýurduň medeniýeti, sungaty, binalary, ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Aýratyn belläp geçsek, 45 müň inedördül metr meýdany eýeläp, 144 penjiräni özünde jemleýän uly metjitde, ýurduň taryhy gymmatlyklaryny öz içine alýan muzeýde, sergilerde guralan gürrüňdeşlikler bu ýurda bolan gyzyklanmany artdyrdy.
Türkmenistan arap ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, bu gezekki sapar hem şeýle gatnaşyklaryň täze derejä çykmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýokary ykdysady mümkinçilikleri bolan Kuweýtde ildeşlerimiz bu ýurda degişli gyzykly maglumatlar bilen tanyş boldular.
Ýurtda medeni merkezleri dolandyrýan Dar al Athar al Islamiýýah guramasynyň yslam we ondan öňki döwürlere degişli bolan sungat eserleriniň, medeni gymmatlyklaryň sergisi, nebitgaz ulgamyna bagyşlanan gözden geçiriş Kuweýt döwletine amala aşyrylan saparyň esasy wakalaryna öwrüldi. Medeni guramanyň sergisinde dürli döwürlere degişli bolan kitaplar, golýazmalar, keramika, aýna, metal we dokma önümleri, gymmat bahaly daşlar, şaý-sepler, binagärlik bezegleri, halylar, teňňeler ýerleşdirilipdir.
Şeýle-de «Ahmad Al-Jaber nebit we gaz» sergisi nebit önümçiliginde öňdäki orunlary eýeleýän Kuweýt döwletiniň bu tebigy baýlygy bilen bagly soraglara jogap tapmaga mümkinçilik berdi. Onda nebit önümçiliginiň adamzadyň ýaşaýşyna peýdasy, döredýän mümkinçilikleri, ony işläp taýýarlamakdaky täzeçe usullar görkezildi. Bu bolsa «gara altynyň» önümçiliginde giň mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyzyň hem Kuweýt bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge itergi berer.
Demirgazykda we günbatarda Yrak, günortada bolsa Saud Arabystan bilen serhetleşýän döwletiň Gündogar kenarýakasyny Pars aýlagy ýuwýar. Bu sebit bolsa ummasyz nebit ýataklary bilen meşhurdyr. Şonuň üçinde bu döwletiň ykdysady kuwwaty nebit eksporty bilen berk baglanyşyklydyr.
― Biziň Kuweýt Döwletine amala aşyran saparymyz netijeli häsiýete eýe boldy. Ol ýerde bolan günlerimizde biz dürli çärelere, sergilere gatnaşdyk hem-de ýurduň paýtagtynyň gözel ýerlerine aýlandyk. Kuweýtiň öňki emiri Şeýh Abdullah As-Salam As-Sabahyň köşk muzeýine baryp gördük. Ýurt garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, resmi adamlary kabul etmek üçin köşküň dizaýnyna üýtgeşmeler girizilýär. 2019-njy ýylda gurluşyk işleri tamamlanandan soň köşk Kuweýtiň 300 ýyllyk taryhynyň dürli döwürlerini, milli medeni mirasynyň aýratynlyklaryny görkezýän taryhy medeni muzeýe öwrülýär. Muzeý häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilip, ýurduň taryhyny innowasion usulda görkezmekde ýokary mümkinçiliklere eýedir.
Şeýle-de Suk Al-Mubarakiýa bazarynda bolanymyzda, ýerli wekiller bu ýeriniň Kuweýtde milli we iň gadymy bazar hasaplanylyp, azyndan 200 ýyl bäri işläp gelýändigini bellediler ― diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Dawut Pürnazarow gürrüň berdi.
Galyberse-de, amala aşyrylan saparda türkmen diplomatiýasynda bilim alýan talyplaryň hem bolmagy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň nobatdaky beýanydyr.
Laçyn TEKEDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.