30/09/2026
80
GARAŞSYZLYK EÝÝAMYNYŇ TÜRKMEN EDEBIÝATY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly üstün- likleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döre- dilýär. Bu işleriň ählisi medeniýet ulgamynyň ag- zybir işgärleriniň kalbynda egsilmez ylhama, çäk- siz joşguna öwrülip, olary täze, kämil eserleri dö- retmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýeti, edebiýaty we sungaty döwrebap ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döredijilik işgärleri döredijilik ussatlyklaryny kämilleşdirmek üçin giň mümkinçiliklere eýe boldular. Özleri babatda edilýän aladadan ruhlanan ýazyjy-şahyrlarymyz döwrüň ruhuna laýyk gelýän eserleri döredip, Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň zähmet üstünliklerini, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işlerini uly joşgun bilen wasp edýärler.
Edebiýat we sungat işgärleri her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşigine gatnaşýarlar. Bäsleşigiň ýeňijileri döwlet derejesinde dabaraly ýagdaýda baýraklar bilen sylaglanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda «Görogly» eposy türkmen halkynyň dessan ýerine ýetiriş nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Gahryman Arkadagymyz: «Watançylyk mekdebi bolan «Görogly» şadessany pähim-paýhaslar ummanydyr. Şadessanda öňe sürülýän belent garaýyşlar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine gönükdirilen, ynsanperwerligi, halallygy, jebisligi, adamkärçiligi ündeýän çuňňur paýhaslar dünýäsidir. Munuň özi «Görogly» şadessanynyň dünýä medeniýetindäki ornuny we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar» diýip, dünýä derejesinde ykrar edilen bu gymmatly edebi mirasymyza ýokary baha berýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) 2017-nji ýylyň 4-9-njy dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçen 12-nji mejlisinde küştdepdi aýdym we tans sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz hemmetaraplaýyn ösýär. Türkmen diliniň we edebiýatynyň döwrebap ösmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň umumy redaksiýasy bilen 50 müňe golaý sözleri we söz düzümlerini özünde jemleýän iki tomluk «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» hem-de 110 müňe golaý sözi özünde jemleýän «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» 2016-njy ýylda neşir edildi. Bu ylmy neşirler häzirki zaman türkmen diliniň söz baýlygyny öwrenmekde alymlar, döredijilik işgärleri, mugallymlar, okuwçylar we talyp ýaşlar, şeýle hem dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenler üçin gymmatly gollanmalardyr.
Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermegi bilen, 2024-nji ýylda ýurdumyzda we dünýäniň birnäçe döwletlerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Akyldar şahyryň kitaplary dürli dillerde neşir edildi. Halkara derejesinde şeýle çäreler Nurmuhammet Andalyp, Mollanepes we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň hem-de alymlarymyzyň döredijiligine bagyşlanyp hem geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 27-nji iýunda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilýär. Bu baýramçylygyň çäginde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň edebiýatymyzy we sungatymyzy döwrebap ösdürmekde hem-de giňden wagyz etmekde ähmiýeti uludyr.
Adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän kitap taryhyň beýany, geljege ýolgörkeziji hasaplanylýar. Biziň durmuşa düşünmegimizde, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, umuman, durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşleri gazanmagymyzda kitaba, metbugata uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz kitaplaryň, gazet-žurnallaryň ýokary hilli neşir edilmegi barada aýratyn alada edýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2015-nji ýylda önümçiligiň iň täze tehnologiýalary ornaşdyrylan Metbugat öýi toplumyny açyp bermegi, neşirýat-çaphana ugrundan milli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Neşirýat-çaphana orta hünär mekdebiniň döredilmegi bu aladanyň aýdyň mysallarydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda gazet-žurnallar, okuw kitaplary, ylmy neşirler, halk döredijiligi eserleri, nusgawy şahyrlarymyzyň we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary dürli reňkli, çeper bezelen görnüşde ýokary hilli çap edilýär. Ýurdumyzyň neşirýat-çaphana işgärleri daşary ýurtlarda geçirilýän sergi-ýarmarkalara öz önümleri bilen gatnaşýarlar we abraýly baýraklara mynasyp bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň edebiýatymyzy we sungatymyzy ösdürmek baradaky tagallalarynyň çäklerinde edebiýat we sungat eserlerimizi öwrenmek, giňden wagyz etmek we halk köpçüligine ýetirmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Ýazyjy- şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň döredijiligi barada gazet-žurnallarda makalalar, radio we teleýaýlymlarda gepleşikler yzygiderli berilýär, ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär, okuw maksatnamalarynda, okuw kitaplarynda olara giň orun berilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan görnükli döredijilik işgärleri, alymlar orden-medallar bilen sylaglanýar, olara hormatly atlar dakylýar. Halkymyz tarapyndan giňden ykrar edilen söz we sungat ussatlarymyzyň heýkelleri oturdylyp, okuw mekdeplerine atlary dakylyp, ýadygärlikleri ebedileşdirilýär. Ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri oturdylan «Ylham» seýilgähi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy häzirki wagtda paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.
1991-nji ýylda Türkmenistan döwletimiz özüniň Garaşsyzlygyny yglan eden dessine «Türkmenistan» gazetinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň:
Goý güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rähmet nuruny saçsyn!
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
Türkmenistan ̶ ata mekan garaşsyz!
̶ diýen setirler bilen başlanýan, soňra meşhur aýdyma öwrülen goşgusy çap edildi. Bu goşgy häzirki zaman şygryýetimizde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny wasp eden ilkinji eserdir.
Soňra türkmen ýazyjy-şahyrlary mukaddes Garaşsyzlygymyzy, halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen zamanasyny wasp edýän eserleri döredip başladylar. Berdinazar Hudaýnazarow, Annaberdi Agabaýew, Sapar Öräýew, Baýram Jütdiýew, Ýylgaý Durdyýew, Näzik Annatyýewa, Sona Ýazowa, Gözel Şagulyýewa, Ahmet Mämmedow, Orazguly Annaýew, Allaýar Çüriýew, Gurbanýaz Daşgynow, Döwletmyrat Nuryýew, Tagangül Taganowa, Bibi Orazdurdyýewa, Akmyrat Hojanyýazow, Mämmetnazar Babanazarow, Döwletgeldi Annamyradow we beýleki şahyrlar döwrüň sesine ses goşýan, ýurt Garaşsyzlygymyzy wasp edýän şahyrana eserleri döretdiler.
B.Hudaýnazarowyň «Türkmenistan hakynda aýdym», «Duzuň haky», «Garaşsyzlygyň müň güni» goşgularynda ata Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan söýgi, guwanç, buýsanç belent ýaňlanýar. Şahyryň Garaşsyzlyk ýyllarynda döreden şygyrlarynda türkmeni hakyky türkmen edýän, halkymyzyň mertebesini belende göterýän milli häsiýetler wasp edilýär. Muňa şahyryň «Meniň dünýäm» kitabynyň başynda ýerleşdirilen «Goşgular başy» goşgusyndaky şu setirler hem mysal bolup biler:
Öz aslyny bilýän, pederin bilýän,
Pähimiň, paýhasyň gadyryn bilýän,
Umuman, özüniň ederin bilýän,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.
Şeýle hem B.Hudaýnazarow bu döwürde öwüt-nesihat äheňli filosofik goşgularyň hem ençemesini döretdi. «Adamyň bir mätäç zady-hoş sözdür...» diýen setirler bilen başlanýan goşgusy şahyryň öwüt-nesihat äheňli eserleriniň gowy nusgalarynyň biridir. Bu goşgudaky:
Adamyň bir mätäç zady hoş sözdür,
Hoş söz aýdyň ̶ depesine täç bolar.
Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň,
Kim bilip dur ̶ bir ýyldan soň giç bolar
̶ diýen pähim-paýhasa, şahyrana duýgulara eýlenen setirler okyjyny ynsan ömrüniň manysy, adamkärçilik, öz gylyk-häsiýeti barada oýlandyrýar, adamlara hormat goýmaga, ynsanperwerlige çagyrýar.
A.Agabaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň müň günlük senesi mynasybetli «Müň gün» poemasyny ýazdy.
Sen bu günleň ÝEKESINDEN habar ber,
Şoň TARYHY BAHASYNDAN habar ber.
Ýigrimi dört sagadyň hemmesinden däl,
Her dakyka ̶ tikesinden habar ber
̶ diýen ýaly hyjuwa ýugrulan setirlerden ybarat bolan bu publisistik poemada ýurt Garaşsyzlygymyz uly joşgun bilen wasp edilýär. Garaşsyzlygyň miweleri ̶ erkinlik, dilimiziň, dinimiziň, däp-dessurlarymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen gatnaşyklaryň açylmagy, ykdysadyýetdäki özgertmeler, täze gurulýan desgalar, türkmeniň öz ýoly, ýaşululara hormat, millilik, agzybirlik, abadançylyk ýaly onlarça düşünjeler baradaky oýlanmalar bu poemanyň özenini düzýär.
Asuda Watanymyzda Gahryman Arkadagymyz ajaýyp şahyrana eserleri bilen halkymyzy begendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň:
Pasly-bahar güle çümen çaglary,
Joş uranda sähra-düzi, daglary,
Göwün at üstünde ganat baglady,
Seýle çykyp alys ýollara bedew!
̶ diýen setirler bilen başlanýan «Bedew» goşgusy häzirki zaman şygryýetimiziň ösüşiniň aýdyň nusgasydyr.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak üçin edýän tagallalaryny wasp etmekde işjeňlik görkezdi. Şahyryň eserlerinde halkymyzyň öz Milli Liderine bolan çäksiz hormat sarpasy, söýgüsi joşgunly beýan edilýär:
Belentlige eltip bildiň ýurdy,
Mirasa sarpa bar, Watan özgerdi,
Ösüşli günleri bu gözler gördi,
Arassalyk, aýdyňlyksyň, Arkadag!
Garaşsyzlyk ýyllarynda zehinli şahyrlaryň täze nesli ösüp ýetişdi. Olardan Kakamyrat Rejebow, Seýitmyrat Geldiýew täze çeperçilik gözleglerine baý eserleri bilen özlerini ykrar etdirdiler.
Şahyr Kakamyrat Rejebowyň «Bagtly ýyllaryň kerweni» goşgusynda şeýle setirler bar:
Ummana bäs edip göwün hoşumyz,
Bir suprada eda boldy aşymyz,
Döwletli ýurduma Döwlet guşunyň
Asmandan pelpelläp gonşy görünýär.