Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Durnukly ulag ulgamy halkara hyzmatdaşlygynda
    Durnukly ulag ulgamy halkara hyzmatdaşlygynda surady
    30/11/-0001

    1018

    Durnukly ulag ulgamy halkara hyzmatdaşlygynda

    Gahryman Arkadagymyz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Hususanda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynda halkara hukuk esaslary emele getirýän meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi. Halkara maslahatyň jemleýji gününde biragyzdan goldanyp, Aşgabat jarnamasyna gol çekildi. Şondan soň Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlandy.  2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG tarapyndan ilkinji gezek «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda ikinji gezek “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda” 85 döwletiň awtordaşlygynda Kararnama kabul edildi. Taryhy Kararnamalaryň kabul edilmegi netijesinde, BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Aşgabatda jemleýji resminama gol çekildi. 2017-nji ýylyň   20-nji dekabrynda nobatdaky gezek «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly üçünji gezek 74 döwletiň awtordaşlygynda Kararnama kabul edildi. 2021-nji ýylyň 29-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezelusiýa kabul edildi we 48  döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. 

    2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn arkaly gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde geçirildi. “Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.  Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Forumyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi teklip etdi. Milli Liderimiziň pikirine görä, şeýle maksatnamanyň maksatlary we wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda yzygiderli kabul edilen dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, dünýä derejesinde ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmelidir.Ýeri gelende bellesek, halkara maslahatynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylda Türkmenistanda  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürüpdi. Bu halkara maslahaty 2022-nji ýylyň awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda  Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň Halkara maslahaty geçiriler.

    2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçilgesi boýunça Hökümetara topary, Hökümetara ýolagçylar geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gibrid görnüşde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly maslahat geçirdi. Bu çärä BMG-a agza döwletleriniň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça Dostlar Toparyny döretmegiň amallaryny wirtual platforma görnüşde geçirdi. Maslahatda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň agza döwletleriniň goldawy bilen, BMG-nyň ulag meseleleri boýunça 4 sany rezolýusiýa kabul edilmegini giosyýasy ähmiýeti barada giňileýin belledi. Maslahatyň dowamynda Dostlar Toparyna goşulan 11 döwletiň wekilleri çykyş etmek bilen, olar häzirki wagtda bar bolan ulag meselelerini we olary çözmegiň ýollary barada özara pikir alyşmak üçin şeýle mümkinçiligiň ähmiýetini we öz wagtynda döredilendigini bellediler. Duşuşygyň netijeleri boýunça Durnukly ulag ulgamynda Dostlar Toparynyň döredilmegi bilen baglanyşykly habary özünde jemleýän BMG-niň Baş sekretarynyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygynyň adyna ýörite hat ýollanyldy.

    BMG-niň çäklerinde döredilen Durnukly ulag boýunça Dostlar Toparyna 11 döwletiň goşulmagy sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi üpjün etmekde durnukly ulag ulgamynyň aýratyn ähmiýetiniň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.


    Perhat ÇARYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

    Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI