23/04/2025
594
BIZ — MEÝLETINÇI-WAGYZÇYLAR
Milli tejribämiziň görkezişi ýaly, «meýletinçi» adyny almak jemgyýetçilik ykrarnamasyny gazanmakdyr. Bu asylly iş türkmen ýaşlaryny has-da kämilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde badalga alan II halkara matematika olimpiadasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlar, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary hem meýletinçi-wagyzçy hökmünde işjeňlik görkezýärler.
Merjen paýtagtymyzda geçirilýän bu halkara bäsleşik eýýäm ilkinji gününden ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Muny halkara bäsleşige gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar hem nygtaýarlar. Şunda birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän ýaş meýletinçi-wagyzçylar bäsleşige gatnaşyjy mugallymlardyr mekdep okuwçylary bilen olimpiadanyň geçirilýän ýerinde, paýtagtymyza gezelençleriň dowamynda interwýulary guraýarlar, myhmanlaryň ýürek buýsançlarynyň gyzgyny bilen milli teleýaýlymlarymyzda şöhlelenmegine goşant goşýarlar.
Şeýlelikde, biz ― ýaş meýletinçi-wagyzçylar nazaryýetde alan bilimlerimizi, şol sanda öwrenen daşary ýurt dillerimizi tejribe üsti bilen has-da berkidýäris. Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasy bolsa biziň kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Kemal WELMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.