Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Zehin bäsleşiginiň netijeleri
    Zehin bäsleşiginiň netijeleri surady
    30/11/-0001

    1191

    Zehin bäsleşiginiň netijeleri

    «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň gurnamagynda ýurdumyzyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde halkara gatnaşyklary ugrundan okaýan talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Rus dili – milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili» atly rus dili boýunça zehin bäsleşiginiň jemleri jemlenip, sylaglandyryş dabarasy geçirildi. Zehin bäsleşigiň maksady talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmakdan, olaryň ukyplaryny artdyrmakdan, BMG-niň resmi dilleriniň hem-de diplomatiýanyň ýörgünli dilleriniň biri hökmünde rus dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmakdan, rus diliniň leksiki we grammatiki ulgamlaryny özleşdirmekden, talyplaryň arasynda rus dilinde ýazuw endiklerini ösdürmekden ybaratdyr.
    Hemmämiziň bilşimiz ýaly, rus dili häzirki wagtda dünýäde iň işjeň ulanylýan dilleriň biri hasaplanylýar. Ýurdumyz syýasy taýdan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bäri ýaşlaryň mekdep partasyndan başlap, ene dili bolan türkmen dili bilen birlikde rus we iňlis dillerini hem bilmekleri döwlet maksatnamasyna girizildi. Şu nukdaýnazardan hem biziň ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän şeýle çäreleriň ähmiýeti örän ýokarydyr.
    Adalatly emin agzalarynyň netijelerine görä, «Rus dili – milletara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dili» atly rus dili boýunça zehin bäsleşiginde Belarussiýa Respublikasynyň Baranowiçskiý döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ermek Kubanow 3-nji orna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Anwar Esedow 2-nji orna, institutyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jemal Rematullaýewa 1-nji orna, şeýle hem şol fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Serdar Rahymow Baş baýraga mynasyp boldular.
    Şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Annaberdi Kaşaňow, şol fakuletiň 2-nji ýyl talyby Gunça Hamedowa, Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Döwlet Babakuliýew, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Laçyn Hojaýewa dagylar höweslendiriji orna mynasyp bolmagy başardylar.

    Sona HALYKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY surady

    21/01/2026

    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI