25/07/2026
113
«YOUTH DEVELOPMENT FOR A SHARED FUTURE SUMMER CAMP 2026» ATLY HALKARA TOMUSKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINE BADALGA BERILDI
2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilýän «Youth Development for a Shared Future 2026» atly halkara tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Dabaranyň açylyşynda Hytaýyň Sung Çing Ling adyndaky haýyr sahawat gaznasynyň Başlygynyň orunbasary Zhang Jiming, Hytaýyň Sung Çing Ling ýaşlar üçin ylym we medeniýet merkeziniň direktory Guo Sinbao, Halkara hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş bölüminiň direktorynyň orunbasary Çžou Bo, Hytaýyň Sung Çing Ling adyndaky haýyr sahawat gaznasynyň ýaşlar üçin ylym we medeniýet boýunça direktorynyň orunbasary So Hongtag şeýle hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa-Ýuwaş umman bölüminiň 1-nji sekretary Maýa Gaýypowa çykyş edip, bu halkara çäräniň ýaşlaryň özara dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde, medeniýetara dialogy ösdürmekde hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde aýratyn goşant goşjakdygy barada giňişleýin beýan etdiler.
Bu halkara çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary we Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky aýratyn zehinli ýaşlar mekdebiniň, A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän mekdepleriniň okuwçylary bilen bir hatarda, dünýäniň tomusky dynç alyş möwsümine 16 döwletinden 80-den gowrak ýaşlar gatnaşýarlar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda ýaşlar Hytaý Halk Respublikasynyň baý medeniýeti, däp-dessurlary, ykdysady we sosial ösüşi, bilim ulgamy bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.
Bu tomusky dynç alyş möwsümi dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda berk dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de tejribe alyşmakda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Isgender HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby