143
Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!
2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymlarynyň baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň professor-mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem uçurym talyplaryň hossarlary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynda institutyň professor-mugallymlary, halypa diplomatlar gutlag sözleri bilen çykyş edip, uçurymlara ak ýol, üstünlik arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda uçurym talyplaryň ata-eneleri hoşallyk sözlerini bildirdiler.
Şu okuw ýylynda hünärmen maksatnamasy boýunça talyplaryň 78-si, şeýle hem magistrleriň 79-sy türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebini üstünlikli tamamladylar. Mälim bolşy ýaly, 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, institutda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berlip başlanypdy. 2024-2025-nji okuw ýylynda bolsa ilkinji gezek bakalawr maksatnamasy boýunça talyplaryň 44-si uçurym boldular. Umumylykda, uçurymlaryň 12-si ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlamagy başardylar. Dabaranyň dowamynda olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýyldan başlap institut öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. 2009 — 2024-nji ýyllar aralygynda uçurymlaryň 856-sy instituty tamamlap, şolaryň 124-si tapawutlanan diploma mynasyp boldular. Şeýle-de 2022-nji ýylda ilkinji gezek 31 sany magistr okuwy tamamlap, olaryň 4-si tapawutlanan diploma mynasyp boldular. 2023-2024-nji ýyllarda bolsa magistrleriň 115-si okuwy tamamlap, olaryň 5-si tapawutlanan diplom aldylar.
Uly ruhubelentlige beslenip geçen dabaranyň dowamynda uçurymlaryň talyplyk ýyllaryna degişli wideoşekilleriň görkezilmegi özboluşly tolgunmalary döretdi.
Baýramçylyk dabarasy joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Institutyň aýdym-saz we döredijilik toparynyň talyplary özleriniň sahna ussatlygyny görkezip, dürli daşary ýurt dillerinde aýdymlary ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk dabarasynyň barşynda türkmen diplomatiýasyny bütin dünýäde dabaralandyryp, halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.