Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • TÜRKMEN WE IŇLIS DILLERINDE HABARYŇ GÖRNÜŞLERINIŇ, AŇLADYŞ AÝRATYNLYKLARYNYŇ DEGŞIRME DERŇEWI
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Ближний Восток должен быть зоной мира и согласия
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
        • TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MUZEÝINDE TANYŞLYK DUŞUŞYGY
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI
    ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI surady
    15/04/2026

    66

    ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW GOLLANMASY NEŞIR EDILDI

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ruhlanýan ýaş nesli bilim ulgamynda kämil hünärmen edip ýetişdirmek ýurdumyzyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Milli bilimi ulgamyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen, ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn uly mümkinçilikleri döredýärler. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamyndaky özgertmeleriň iň möhümleriniň biri bolsa bilim ulgamynda halkara tejribesini, täze we öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek hem-de olary ýokary okuw mekdepleriniň okuw işine ornaşdyrmak bolup durýar.
    Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Ýokary matematika (köp üýtgeýänli funksiýalar, differensial deňlemeler, gatlaýyn we egriçyzykly integrallar, hatarlar)» atly okuw gollanmasy (awtory: G.Esenamanow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw gollanmasyndaky paragraflar gysga teoretik maglumatlary bermekden başlanýar, onda esasy kesgitlemeler, teoremalar, formulalar we çözüw usullary beýan edilýär. Soňra her paragrafda meseledir mysallaryň ýeterlik möçberi işlenilip görkezilen, şolaryň üsti bilen esasy çözüw usullary düşündirilýär. Ähli çözülen meselelerdir mysallar Maple ulgamynda hem çözülipdir we wizuallaşdyrylypdyr, bu işleri amala aşyrmak üçin Maple ulgamynyň zerur serişdeleri degişli ýerlerinde beýan edilipdir. Her paragrafyň ahyrynda özbaşdak çözmek üçin ýeterlik möçberde mysaldyr meseleler jogaplary bilen bilelikde ýerleşdirilipdir.
    Bu okuw gollanmasynyň esasy aýratynlygy onda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagydyr. Gollanma ýokary okuw mekdeplerinde ýokary matematika, matematiki analiz, differensial deňlemeler, programmirlemek dilleri, hasaplaýyş usullary, kompýuter tehnologiýalary we ş.m. birnäçe derslerde peýdalanylyp bilner.
    Bilim ulgamyndaky özgertmeleri amala aşyrmakda hemaýat-goldawlaryny gaýgyrmaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

    Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
    Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi

    Çeşme: https://education.gov.tm/news-details/6454

    Soňky täzelikler

    MEÝLETINÇILER ÜÇIN ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    15/04/2026

    MEÝLETINÇILER ÜÇIN ONLAÝN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE TALYPLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    14/04/2026

    ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINDE TALYPLAR ÜÇIN OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    “Türkmen atlary” döwlet birleşigine gezelenç surady

    10/04/2026

    “Türkmen atlary” döwlet birleşigine gezelenç
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI