01/08/2026
133
YNSAN SAGLYGY — DÖWLETIMIZIŇ BAŞ ALADASY
«Saglygym — begligim» diýýän dili senaly halkymyz doga-dilegleriň, ýagşy arzuw-niýetleriň başynda jan saglygyny goýýar. Munuň özi milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden gelýän pähim-paýhasyndan nyşandyr. Sebäbi saglyk — ynsan durmuşyndaky ähli gowulyklaryň gözbaşy. Netijeli zähmet çekmegimiz, maşgala abadançylygymyz, bagtyýar hem abadan durmuşda ýaşamagymyz beden we ruhy taýdan sagdynlygymyz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, islendik döwletiň durnukly ösüşinde jemgyýetiň sagdynlygy möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň sagdyn durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň iňňän möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň maý aýynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary esasynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa» hem doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Saglyk taryhyň ähli döwründe hem ynsan üçin bahasyz baýlyk hasaplanylypdyr. Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy», «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmasdan burun» ýaly dürdäne setirleri bu babatda halkymyzyň taryhyň dowamynda kämilleşdirip gelen durmuş filosofiýasynyň çeper beýanydyr. Taryhyň dowamynda lukmançylyk ylmyna önjeýli goşant goşan beýik şahsyýetleriň umumadamzada bagyş eden mirasy, gymmatly pikirleri häzirki wagtda hem giň ykrarnama eýe bolýar. Orta asyrlarda ýaşap geçen meşhur alym Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eseriniň ençeme asyrlap bu ugurda iň esasy gollanma bolup hyzmat edip gelýändigi-de bu aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek çärelerine ünsi güýçlendirmek hem-de yzygiderli döwlet goldawlary arkaly bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini, utgaşyklylygyny ýokarlandyrmak möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda ýurdumyz lukmançylyk diplomatiýasynyň ilerledilmegi esasynda saglygy goraýyş ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine, döwletleriň arasynda özara tejribe alşylmagyna uly üns berýär. Ýurdumyzyň bu ugurda öňe sürýän halkara başlangyçlaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan oňyn baha berilýär. Ýeri gelende, 2013-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň goldawlary bilen, Ýewropa sebitine girýän döwletleriň saglygy goraýyş ministrleriniň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça BSGG-niň ministrler maslahatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Maslahatyň jemleri boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglyk — 2020» syýasatynyň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
Saglygy goraýyş ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda özgertmekde, hemmetaraplaýyn sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde lukman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy bilen işlenilip taýýarlanylyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna möhüm orun degişli. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeginde sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap saglygy goraýyş merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. 2024-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açylan Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň üstüni ýetirdi. Bu merkezlerde dürli ýokanç däl keselleri anyklamak, bejermek we dikeldiş çärelerini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany» iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. 2026 — 2028-nji ýyllary öz içine alýan birinji tapgyrda ýokanç däl keselli näsaglara berilýän lukmançylyk kömeginiň hilini barlamagyň täze usulyna geçmek üçin taýýarlyk görmek boýunça işler amala aşyrylar. Bu döwürde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek boýunça ýokary tehnologiýalara esaslanýan kliniki beýanlar amaly lukmançylyga ornaşdyrylar.
Ikinji tapgyr bolsa 2028 — 2030-njy ýyllary öz içine alýar. Onuň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça degişli saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, lukmançylyk kömeginiň elýeterli, ýokary hilli we netijeli ulgamyna geçilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda täze onkologiýa hassahanalary gurlup ulanmaga berler. Sebitlerde ýokanç däl keselli näsaglara uzak aralykdan maslahat bermegiň dessinligini ýokarlandyrmak maksady bilen, telelukmançylyk aragatnaşygyndan peýdalanmak giňden ýola goýlar, sanly tehnologiýalar keseli anyklamak we bejermek işinde giňden ulanylar.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň hemişe üns merkezinde durýan ugry bolup durýar. Munuň şeýledigini eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Goý, il-ýurt bähbitli şeýle beýik başlangyçlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti - 30.07.2026 // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/245202
Soňky täzelikler
04/08/2026
Halkara hukugyň kadalaryna eýerip
28/07/2026
Döwletlilik pelsepesiniň beýany