Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň esasydyr
    Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň esasydyr surady
    30/11/-0001

    1601

    Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň esasydyr

    Dünýä ösüşiniň häzirki döwründe innowasiýalaryň döwletiň ähli pudaklarynyň ösüşinde aýratyn orny bar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär.
    Ýurdumyzda mynasyp ýaş nesliň terbiýelenilmegine möhüm üns berilýär. Şu maksat bilen, Türkmenistanda döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar hem-de hereket edýär. Bilim edaralaryny zerur okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün etmek, täze tehnologiýalary we halkara ölçeglere gabat gelýän öň­debaryjy okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
    Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, bilimli ýaş nesli terbiýelemek boýunça geçirilýän giň gerimli işler özüniň ýokary netijesini berýär. Milli we abraýly halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar gi­ňeldilýär. Ýurdumyz bilimi döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.
    Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sentýabr aýynyň 28-den oktýabr aýynyň 7-si aralygynda Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwigsburg mugallymçylyk uniwersitetinde bilimi dolandyrmak we liderlik boýunça magistratura derejeli okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Onuň dowamynda bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň wajyplygy, taslamalary alyp barmagyň usullary, ylmy-barlag işleri geçirilende ýüze çykýan meseleler we dünýä medeniýetleriniň aýratynlyklary boýunça bilimleriň halkara gatnaşyklaryny has-da ilerletmekdäki orny dogrusynda okuw sapaklary gurnaldy. Okuw sapaklary ýokary derejede gurnalyp, özüniň täsirliligi bilen tapawutlandy.

    Gapbar Hallyýew,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY surady

    21/01/2026

    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI