25/05/2026
73
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Merkezi Aziýa döwletlerinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň öwrenilişi» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymlary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň egsilmez mirasy baradaky gymmatly maglumatlary, şeýle hem onuň döredijiliginiň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem ähli Gündogar halklary, aýratyn-da Merkezi Aziýa döwletleri üçin ruhy hazynadygy dogrusynda söhbet açyldy.
Mundan başga-da, mugallymlar şahyryň döredijiligindäki agzybirlik, watançylyk we ynsanperwerlik ýaly häzirki zaman Merkezi Aziýa diplomatiýasynda möhüm orun tutýan temalara ünsi çekdiler. Täsirli geçen maslahatda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jikme-jik jogap aldylar.
Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby