15/05/2025
469
YLMY-AMALY MASLAHAT
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mugallymlaryň we
talyplaryň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet
baýdagy – parahatçylygyň, ynanyşmagyň we abadançylygyň belent
nyşanlary” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we
talyplary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisden soň öz işini bölümçelerde dowam
etdirdi. Bölümçelerde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilişiniň,
ynsanperwerlik ýörelgesiniň, Döwlet baýdagynyň mukaddesliginiň, milli
kanunçylykda ýaşlaryň hukuk goraglylygynyň, ýurdumyzda eýeçilik
gatnaşyklarynyň kämilleşmeginiň ähmiýeti we täsiri barada köp sanly çykyşlar
diňlenildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk
binýady bolmak bilen, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik,
watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär.
Şageldi GARLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.