16/05/2026
71
YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň ýanynda hereket edýän «Paýhas we parasat» gurnagynyň agzalary bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň taryhy dersi boýunça ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş eden talyp ýaşlar Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň dürli taryhy döwürlerindäki ösüş aýratynlyklary, diplomatik gatnaşyklary we halkara şertnamalary barada gyzykly çykyşlary etdiler. Şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu sebitleriň döwletleri bilen alyp barýan häzirki zaman parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna we özara bähbitli hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi. Gatnaşyjylar taryhy maglumatlary häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ösüşi bilen baglanyşdyryp, özara sowal-jogap alyşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa işjeň gatnaşan talyp ýaşlara sag bolsunlar aýdyldy. Talyp ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine bolan höwesini artdyrmakda şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uludygy bellenilip geçildi. Çärede ýaşlara ylym we bilim dünýäsinde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby