
30/11/-0001
980
“Ykdysady diplomatiýa” boýunça möwsümleýin okuwy tamamlandy
2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Ykdysady diplomatiýa” ugruna degişli tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda, 2022-2023-nji okuw ýylynyň 1-nji ýarym ýyllygynda dowam eden fakultatiw okuw sapaklarynyň ilkinji tapgyry ýokary derejede tamamlandy.
Bu okuw sapaklaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar “Ykdysady diplomatiýa” ugry boýunça guramaçylykly geçen okuw sapaklaryna gatnaşan diňleýji talyplara ýörite Şahadatnamalar gowşuryldy.
Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.