03/04/2026
128
NOBATDAKY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Ykdysady diplomatiýa» ugry boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyny Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Annamyrat Altyýew «Türkmenistanyň Daşary ykdysady syýasatynda maýa goýumlaryny düzüm taýdan kämilleşdirmegiň esasy ugurlary» atly temadan alyp bardy.
Okuw sapagyň dowamynda mugallym Türkmenistanda daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, şeýle-de ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
Duşuşygyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar hem-de Bütindünýä söwda guramasy baradaky bilimlerini artdyrdylar.
Güljeren DERÝAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
24/11/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
17/06/2025
YLYMDA EMELI AŇYŇ ORNY