07/10/2026
80
ÝAŞLAR BARADA DÖWLET SYÝASATYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-ýörelgelerine eýerip, hormatly Preidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöýüjilik, ruhy ahlak we milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duýgularyny kämilleşdirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli tassyklanan Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti, ýaşlaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin döredilýän giň şertleri, ylym-bilim we innowasiýalar bilen gyzyklanýan, ösen tehnologiýalary özleşdirmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary goldamak babatdaky mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaşlara bolsa watana wepaly, zähmetsöýer, ýokary ylymly-bilimli we ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.
Täsirli geçen wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar bagtyýar ýaşlaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza kalplarynyň egsilmez alkyşdan we guwanç duýgusyndan doludygyny ýene bir ýola buýsanç bilen belläp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Uzukjemal BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby