26/04/2025
460
ÝAŞ WAGYZÇYLAR BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzda şu ýylyň 4–8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçjek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan ýaş wagyzçylar gatnaşdy. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň esasy ugurlary boýunça redaktory, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» Gurbannazar Orazgulyýew alyp baryp, ol ýurdumyzyň ösüşiniň metbugatda ussatlyk bilen beýan etmegiň inçe tilsimleri dogrusynda gürrüň etdi. Halypa žurnalist döwletimizde geçirilýän halkara maslahatlaryň ähmiýeti hakynda aýratyn durup geçdi. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Hazar deňzi yklymlaryň logistik köprüsi bolup çykyş edýär. Amatly geoykdysady, geostrategiki ýerde ýerleşmegi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny şertlendirýär.
Okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletimiziň ýeten ykdysady sepgitleri aýratyn nygtalyp geçildi.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI