336
ÝAŞ WAGYZÇYLAR BILEN NOBATDAKY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumyzda şu ýylyň 4–8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçjek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň III maslahatyna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryndan saýlanan ýaş wagyzçylar hem-de meýletinçiler gatnaşdy. Okuw sapagyny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň uly mugallymy O.Çaryýewa alyp baryp, ol halkara gatnaşyklarynda ykdysady hyzmatdaşlyklaryň orny dogrusynda gürrüň berdi.
Okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletimiziň ýeten ykdysady sepgitleri aýratyn nygtalyp geçildi.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI