421
WOLEÝBOL BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda talyp ýaşlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek maksady bilen, sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa institutyň ähli fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşik örän gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, Halkara hukugy fakultetiniň talyplary 1-nji orna, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary 2-nji orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Maksat ALYMBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.