15/01/2026
376
“Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly IV OLIMPIADA
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, türkmen dili, iňlis dili dersleri boýunça geçiriljek IV olimpiadanyň
DÜZGÜNNAMASY
Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapyp, saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli uly tagallalar edilýär.
Mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmak, zehinlerini artdyrmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis dili, türkmen dili dersleri boýunça boýunça IV olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama olimpiadany guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Olimpiadanyň geçirilmegi, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň intellektual derejesini kesgitlemäge, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.
Olimpiadanyň maksady
Zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak, giriş synaglaryň tabşyryljak dersleri boýunça bilimleriniň derejesini kesgitlemek hem-de dürli dersler boýunça ukyp-başaryny, zehinlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi
1.Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ähli mekdepleriň 12-nji synp okuwçylarynyň olimpiada gatnaşmaga hukugy bolup, olar 2026-njy ýylyň 20-nji martyna çenli degişli maglumatlaryny elektron–salga: parahatchylygynchaparlary@gmail.com ugratmaly.
Okuwçylaryň hasaba alnandyklary baradaky maglumat elektron salgylaryna 3-nji aprele çenli ugradylar hem-de ol maglumatda bäsleşige gatnaşmaly senesi, wagty görkeziler.
Olimpiadanyň I tapgyrynyň geçiriljek senesi:
2026-njy ýylyň 6-njy apreli, sagat:09:00.
I tapgyrdan üstünlikli geçen mekdep okuwçylary barada Baş Bilim müdirliklerine hem-de II tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň elektron salgylaryna II tapgyra gatnaşmaklary barada habar ediler.
Olimpiadanyň II tapgyrynyň geçiriljek senesi:
2026-njy ýylyň 27-nji apreli, sagat:09:00.
* Aşgabat, Arkadag şäherleri we Ahal welaýaty – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda;
* Balkan welaýaty – “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde;
* Daşoguz welaýaty – Türkmen oba hojalyk institutynda;
* Lebap welaýaty – S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
* Mary welaýaty – Türkmen döwlet energetika institutynda.
Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
1. Olimpiadada ýokary utuklary gazanmagy başaran mekdep okuwçylaryň sanawy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.
2. Olimpiadanyň netijeleri boýunça I, II, III we höweslendiriji ýerlere mynasyp bolan mekdep okuwçylar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen 2026-njy ýylyň 8-nji maýynda institutda geçiriljek “Açyk gapylar” gününde sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin:
Tel.: +993 61 225597;
Web-saýt: iirmfa.edu.tm
Nusga
| T/B | Okuwçynyň familiýasy, ady we atasynyň ady | Suraty (3*4-lik ölçegde) | Mekdebi we synpy | Habarlaşmak üçin tel.belgi: | E-salgy |
| 1. |
Soňky täzelikler
08/01/2026 Breýn-ring bäsleşigi
24/12/2025 Bäsleşigiň netijeleri jemlendi |