Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Watana wepaly – türkmen zenany
    Watana wepaly – türkmen zenany surady
    06/02/2021

    1205

    Watana wepaly – türkmen zenany

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özgerişlerden doly menzillerine özboluşly röwüş çaýýan “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna gadam basan ilkinji günlermiz uly üstünliklere, täze başlangyçlara beslenip gelýär.

    Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşan, özüniň ussatlygy bilen her bir başlan işini ýokary derejä ýetirýän, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rüstemowa  Watana bolan söýgisi, köp ýyllaryň dowamynda gazanan iş tejribesi bilen türkmen ýaşlaryna uly görelde mekdebi bolup durýar.

    Türkmenistanyň Täjigistan, Hytaý, Mongoliýa, Demirgazyk Koreýa we Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän döwrinde ýurdumyzyň  daşary syýasatyny we diplomatiýasyny ösdürmekde, döwletleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly işleri bitiren, türkmen zenany  häzirki wagtda hem diplomatik gullukdaky işini dowam edýär.

    Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy hökmünde, institutda zähmet çeken döwrinde ýaş halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda özüniň baý iş tejribesini giňden paýlaşýar.

    Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda goňşy döwletler bilen däl, eýsem, dürli dünýä döwletleri bilen özara ygtybarly, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar.  Esasan-da halklary birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly işler durmuşa geçirilýär.  Halkara gatnaşyklarynda möhüm orna  eýe bolan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga we  berkitmeklige uly üns berilýär. 

    Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rüstemowa BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary wezipesine bellenmegi ýurdumyzyň medeni we ylmy  diplomatiýasyny ösdürmekde,  özüniň hünär ýoluny dowam etmegine ýene bir mümkinçilik döredýär. Çynar Rüstemowa halkara derejesindäki özine bildirilen  uly ynamy üçin eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat etjekdigine ynandyryp, mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan edýär.

    Hatyja Döwletnazarowa,

    Türkmenitanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    MEDIA TOPARYNA «SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY TÜRKMENISTANYŇ SPORT DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    24/01/2026

    MEDIA TOPARYNA «SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY TÜRKMENISTANYŇ SPORT DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI