26/03/2026
214
Uçurym ýyl talyplaryň nazary bilimleri tejribede berkidildi
2026-nji ýylyň 24-25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň uçurym ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş derňew müdirliginiň Kriminalistika bölüminde geljekki halkara hukukçy hünärmenleriň nazary bilimlerini tejribede berkitmek maksady bilen okuw sapaklary geçirildi. Institutda halkara hukugy hünärinde bilim alýan talyplar “Jenaýat iş ýörediş” hem-de “Kriminologiýa” dersi boýunça jenaýatyň yzlaryny, wakanyň bolan ýerini gözden geçiriş, daktiloskopiýa ýagny, el we aýak yzlaryny anyklamagyň usullary, güman edilýäniň ýanyny dökmek işi hem-de synany gözden geçirilende deňeşdirip barlamak usuly, şeýle-de maddy subutnamalary ýüze çykarmagyň, berkitmegiň we almagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak bilen bagly geçirilen önümçilik tejribe sapagynda özleriniň bilimlerini amalyýetde berkidip, tejribelerini artdyrdylar.
Mundan başga-da, Kriminalistika bölüminiň hünärmeni iş üçin gerekli resminamalary almak, tanalmaly närse babatda görkezemeler bermek we deňeşdirmek, kagyzdan, puldan el yzlaryny almagyň täzeçil tilsimlerini döwrebap gurallar bilen enjamlaşdyrylan täze tehnologiýalaryň işleýiş aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Okuw sapagyň dowamynda himiki serişdeleriň we şöhleleriň üsti bilen anyklanýan gaýry subutnamalary dessin anyklamakda has çalt we takyk yzgiderligini amal etmek boýunça berlen düşünjeler talyplarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Ýurdumyzyň altyn hazynasynyň dürdänesi bolan ýaşlaryň we geljekki hünärmenleriň ylymly, bilimli, saýlap alan hünärleriniň kämil eýeleri bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlar syýasatynyň mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Aýlar DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
27/03/2026
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
27/03/2026
ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT