24/12/2025
47
UÇURYM ÝYL TALYPLARYŇ HEM-DE MAGISTRLERIŇ ARASYNDA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň guramagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürlen teklipleriň ähmiýeti, şeýle-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmekde halklaryň arasynda dostlugy pugtalandyrmak meseleleri dogrusynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Halkara hukugy fakultetiniň uçurym ýyl talyplary hem-de magistrleri gatnaşdylar.
Bäsleşik üç tapgyrda çekeleşikli geçirilip, onda esasan hem, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary, konwensiýalary berjaý etmek bilen bagly meseleleri seljermäge degişli soraglar berildi.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar baradaky aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Ogulaý JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara jemagat hukugy ugrunyň magistranty.