Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan okuw sapagy
    Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan okuw sapagy surady
    30/11/-0001

    1010

    Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan okuw sapagy

    2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan “Iňlis diliniň güni” mynasybetli wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna türkmen diplomatiýasynyň gadamlary” atly okuw sapagy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Okuw maslahatyň esasy maksady talyplaryň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlary hem-de türkmen diplomatiýasynyň täze şahasy bolan lukmançylyk diplomatiýasynyň ekologiýa diplomatiýasy bilen arabaglanyşygy barada giňişleýin düşünje bermekden ybarat boldy.
    Okuw sapagynyň iňlis dilinde alnyp barylmagy bolsa, talyp ýaşlaryň eşitmek we düşünmek, pikirlerini erkin beýan etmek ýaly endikleriniň artmagyna oňyn täsir etdi. Sanly bilim ulgamynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem daşary ýurtlardaky Ähtnama baglaşylan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-maslahatlaryň, webinarlaryň geçirilmegine, ýokary derejeli ussat hünärmenleri taýýarlamak işinde tejribe alyş-çalyş etmekde şertleri döredýär.

    Maýa ORAZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    MEDIA TOPARYNA «SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY TÜRKMENISTANYŇ SPORT DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    24/01/2026

    MEDIA TOPARYNA «SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ MEKANY TÜRKMENISTANYŇ SPORT DIPLOMATIÝASY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI