82
«Türkmenistanyñ nebiti we gazy – 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň açylyş dabarasy boldy
2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyñ nebiti we gazy – 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň açylyş dabarasy boldy. Maslahata 70-den gowrak ýurtdan gelen 1000-e golaý wekil, 100-den gowrak kompaniýa gatnaşdy. Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalar we energiýa pudagyndaky innowasiýalar giňden tanyşdyryldy, hususan-da, gaz-himiki we energiýa geçiriji ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Halkara maslahat we ugurdaş geçirilýän giň gerimli sergi innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary, täze taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Halkara forumyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar, işewürlik gepleşikler geçiriler. Bu sergi öz işini 24-nji oktýabra çenli dowam eder. Forum halkara kompaniýalar we maýadarlar üçin Türkmenistan bilen işleşmegiň täze mümkinçiliklerini döretmäge uly ýardam eder.
Umuman, bu sergi Türkmenistanyň we sebit ýurtlarynyň energetika ulgamlaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Aýnur HUDAÝBERGENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler
24/10/2025
«Kitap marafonynyň» ýeňijileri sylaglanyldy
24/10/2025
SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI