100
Türkmenistanyň işewürlik medeniýeti: däp-dessurlar, hormat we ynam arkaly üstünlik
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň işewürlik medeniýeti: däp-dessurlar, hormat we ynam arkaly üstünlik” atly tema boýunça umumy okuw sapagy geçirildi. Umumy okuw sapagyny Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Şöhrat Diwangulyýew alyp bardy. Mugallym okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanda işewürlik gatnaşyklaryna, medeniýetine, gymmatlyklaryna we aýratynlyklaryna uly ähmiýet berilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdi.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen mugallyma ýüzlendiler.
Bagtygül AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Hakara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI