559
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady
2025-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş we medeniýet toplumlary tarapyndan bilelikde guralan maslahata bu düzümleriň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halypa diplomatlar, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny ýene-de bir gezek belende göterdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylymyzda bu ajaýyp wakanyň BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy bilen özboluşly sazlaşmagynyň taryhy ähmiýete eýedigini buýsançly nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu möhüm waka Türkmenistan döwletimiziň halkara syýasy üstünligidir, şol sanda-da milli diplomatiýamyzyň ajaýyp ýeňşidir.
Geçen ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy ilerletmek babatda ynsanperwerlik ýörelgelere esaslanyp, birnäçe işler alnyp baryldy. Şunda Milletler Bileleşiginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Kararnamalaryň 30-a golaýynyň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Maslahatda şular dogrusynda anyk maglumatlara, taryhy wakalara esaslanylyp edilen çykyşlar ýokary ähmiýeti bilen tapawutlandy. Türkmenistanyň BMG bilen alyp barýan giň gerimli gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy, onuň taryhy kökleri dogrusyndaky çykyşlar, şeýle hem çykyş edenler bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň sanly ulgam arkaly sorag-jogap alyşmagy maslahatyň işjeňligini artdyrdy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda ýerine ýetirilen edebi-çeper çykyşlarda, aýdym-sazlarda parahatçylygyň beýik taglymatçysy Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleriň, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň waspy belentden ýetirildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak babatda beýik işleri durmuşa geçirip, Bitaraplygyň türkmen nusgasyny bütin dünýäde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI