307
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň binýady» atly ylmy seminar geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň binýady» atly ylmy seminar geçirildi. Bu ylmy seminar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy tarapyndan guraldy.
Ylmy seminara professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar we ony Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, kafedra müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ogulgurban Ezimowa alyp bardy.
Onuň dowamynda dürli ugurlar boýunça çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Halkara hukuk gatnaşyklary müdirliginiň esasy maslahatçysy, Halkara arbitraž we işewürlik hukugy taýýarlyk ugrunyň magistri Nowruz Nurberdiýew, Sanly diplomatiýa taýýarlyk ugrunyň magistri Hangeldi Durdymyradow hem-de Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Dawut Gezerow çykyş etdiler.
Ylmy seminarda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň syýasy, ykdysady, ekologiýa we jemgyýetçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Dawut GEZEROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl tayby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI