19/02/2026
109
Türkmenistanyň GDA döwletlerine başlyklyk etmegi mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda Türkmenistanyň GDA döwletlerine başlyklyk etmegi mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Maslahatyň maksady ýaş diplomatlaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň halkara syýasy giňişliginde öňe sürýän uzak möhletleýin maksatlara laýyk gelýän tekliplerini giňden wagyz etmekden we ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasaty baradaky bilimlerini artdyrmakdan ybaratdyr.
Çärede Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, uly mugallym, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty O.Ezimowa, kafedranyň mugallymy G.Amanberdiýewa dagy çykyş etdi.
Söz sözlänler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen alyp barýan diplomatik gatnaşyklary we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän oňyn başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda talyplar mugallymlara özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen ýüzlendiler. Şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň guralmagy ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetlidir.
Mähri DURDYNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.