396
“Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi we bitarap döwlet” atly tema boýunça webinar geçirildi
2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi we bitarap döwlet” atly tema boýunça webinar geçirildi. Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa “Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi we bitarap döwlet” atly tema boýunça çykyş etdi. Webinara ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn arkaly gatnaşdylar. 2025-nji ýyl –“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmeli çärelere işjeň gatnaşýan ýaş wagyzçylar, ýaş meýletinçiler hem bu okuw sapagyna gatnaşdylar.
Bu okuw sapagy Türkmenistanyň demokratik, hukuk, dünýewi we bitarap döwletiň geljekdäki ösüşinde, şeýle hem bu ugurlarda zähmet çekjek ýaşlaryň öz ukyp başarnyklaryny has-da artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Oguljahan JOBBOROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI