26/05/2026
71
TÜRKMENISTAN – BSGG: TEMMÄKI TÜSSESINE GARŞY BILELIKDÄKI IŞLERINE BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda “Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň çäklerinde amala aşyrýan işleri” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny kafedranyň mugallymy Perhat Mahremow alyp bardy.
Okuw sapagynyň dowamynda mugallym Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagynyň ähmiýeti hem-de bu konwensiýanyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanda adamyň beden we ruhy saglygyna erbet täsir edýän neşekeşlik, çilimkeşlik hem-de arakhorluk ýaly ählumumy wehimlere garşy göreşmäge uly üns berilýändigini hem-de meýilnamalaýyn we maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Sapagyň ahyrynda talyplar mugallyma özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Şeýle sapaklaryň yzygiderli geçirilmegi ýaş hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Oguldöndi BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby