Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Makalalar / TÜRKMEN OBASYNYŇ DÖWREBAP NUSGASY
    TÜRKMEN OBASYNYŇ DÖWREBAP NUSGASY surady
    11/09/2025

    622

    TÜRKMEN OBASYNYŇ DÖWREBAP NUSGASY

    Halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Ençeme durmuş maksatly desgalar, bilim ojaklary, çagalar baglary, kärhanalar yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär. Bularyň ählisi hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen ak bagtynyň miweleridir. Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

    Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýy has-da ýokarlandy. Watanymyzyň oba-şäherleriniň keşbi düýpgöter özgerdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygyny aýdyň görkezýän täze, häzirki zaman obalarynyň gurulmagy, türkmen obasynyň täze nusgasynyň döredilmegi oba ilatynyň durmuşynyň hil taýdan täze derejesini kemala getirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir.

    Häzirki wagtda ýurdumyzda oba ilatynyň sanynyň barha artmagy netijesinde, köp sanly täze maşgalalar emele gelýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap durmuş-medeni binalary we desgalary gurmak babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy Ahal ýaýlasynda gurlan Döwletli mekan obasynyň açylmagy hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýunyň bosagasynda ajaýyp toý sowgadyna öwrüldi. Döwrebap obada ençeme durmuş-medeni maksatly binalaryň, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi Watanymyzda jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakynda döwlet derejesinde edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

    Berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli ýollary dowamat dowam bolsun!


    Yhlas HALLYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Esger».


    Çeşme: «Esger» gazeti, 11.09.2025ý. https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/10/articles/207638

    Soňky täzelikler

    GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ PARAHATLYK MUKAMY ÝER ÝÜZÜNE ÝAŇ SALÝAR surady

    15/01/2026

    GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ PARAHATLYK MUKAMY ÝER ÝÜZÜNE ÝAŇ SALÝAR
    Нерушимая дружба surady

    09/01/2026

    Нерушимая дружба
    Türkmen diplomatiýasy: baş ýörelge — abadançylyk we ösüş (Ýaş žurnalistiň sözi) surady

    06/01/2026

    Türkmen diplomatiýasy: baş ýörelge — abadançylyk we ösüş (Ýaş žurnalistiň sözi)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI