
30/11/-0001
1082
Türkmen-gazak diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň we onuň esasy ýörelgeleriniň netijeli häsiýeti iş ýüzünde we anyk ädimlerde öz beýanyny tapýar. Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna gyşarnyksyz eýermek biziň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy mazmuny bolup durýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýamymyzyň galkynyşy döwründe Türkmenistan Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda maksada okgunly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň täsirliligi we işjeňligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy-ykdysady giňişliklerinde ygtybarly orun eýeledi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde goňşy döwletler bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegi bolup durýar.
Bu babatda, Türkmenistan goňşy döwlet bolan Gazagystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy.Iki lideriň erk-islegi bilen bu gatnaşyklar häzirki döwürde öz ähmiýetini artdyrýar. Ikitaraplaýyn ýokary derejedäki oňyn syýasy dialogyň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä eýe bolmagyny gazandy.
Soňky döwürde türkmen-gazak gatnaşyklaryna işjeň häsiýet mahsusdyr, onuň aýdyň mysaly, 2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň hem-de Gazgystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, gazagystan tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça pikir alşyldy we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň derejesi hem-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seredilip geçildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda ýokary derejedäki saparlaryň esasy ornuny bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Şeýle-de maslahatyň dowamynda 2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda bellenilýän ähmiýetli sene - Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň wajypdygy nygtaldy.
Halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi barada aýratyn bellenildi.
Diplomatlar sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde taraplaryň özara taýýardyklaryny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň IV Konsultatiw duşuşygynyň hem-de Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Başutanlarynyň VI Sammitiniň wajyp ähmiýeti barada nygtaldy.
Şeýle hem bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilige eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna hem jikme-jik seredip geçdiler. Ylym, bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.
Halmyradow Maksat,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
gatnaşyklar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.