09/10/2026
126
TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň guramagynda «Bitarap Türkmenistan: sebitara parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde diplomatik tejribe» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahaty institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Selbi Gandymowa alyp bardy. Onda institutyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew, taýýarlygyň magistratura ugrunyň Sanly diplomatiýa hünäriniň magistranty Gülşirin Kadyrowa hem-de Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Rejepguly Maşadow çykyş etdiler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýagny dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmek hem-de durnuklylygy üpjün etmekde ynsanperwer ýörelgelerine eýermek barada pikirler beýan edildi. Şeýle hem hemişelik Bitarap ýurdumyzyň sebitara we halkara ynsanperwer meselelerini çözmekde uly tejribesi barada nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň edilip, gyzykly sorag-jogap alyşdylar.
Rejepguly MAŞADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
07/10/2026
TERJIME BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
07/10/2026
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI