38
“TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ TARYHY” ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň gurnamagynda “Türkmen Bitaraplygynyň taryhy” atly prezentasiýa bäsleşigi geçirildi. Oňa institutyň 1-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Talyplar bäsleşikde diňe bir berlen Bitaraplyk düşünjesini öz içine alýan prezentasiýalar arkaly çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, diplomatiýanyň inçe syrlary barada ýörite taýýarlanan sowallara jogap berdiler.
Eminler topary talyplaryň nazary bilimlerini, çykyş ediş ukyplaryny we taryhy maglumatlary dogry ulanyşlaryny göz öňünde tutup, adalatly bahalandyrdylar. Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň jikme-jik we adalatly seljermesi esasynda bäş talypdan ybarat bolan Halkara hukugy fakultetiniň we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplar toparlary ýeňiji boldular.
Geçirilen bäsleşik ýaşlara Türkmenistanyň taryhy mirasyny we daşary syýasatyny öwretmekde, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge ukyply hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim boldy.
Gülperi KIÇENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.