13/12/2024
626
TERRORÇYLYGA WE ADAM SÖWDASYNA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Türkmenistandaky edarasynda Türkmenistanyň bilim edaralarynyň okuw meýilnamalaryna terrorçylyga we adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça maglumatlary ornaşdyrmaklygyň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli we halkara derejede parahatçylyga, howpsuzlyga, şol sanda terrorçylyk hem adam söwdasyna garşy göreş üçin zerur çäreleri we hereketleri amala aşyrýandygy barada aýratyn bellemek bilen, bu ugurdaky toplanan maglumatlary ýurdumyzyň bilim edaralarynyň okuw meýilnamalaryna ornaşdyrmak boýunça birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny aýtdylar.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme
hukuk öwreniş kafedrasynyň
uly mugallymy.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI