07/10/2026
38
TERJIME BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” ylmy gurnagy tarapyndan Halkara terjime güni mynasybetli “The Diplomatic Interpreter” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige institutyň 2-nji ýyl talyplary gatnaşyp, özleriniň dil we terjime ukyplarynyň derejesini synap gördüler.
Döredijilik bäsleşiginiň dowamynda geljekki diplomatlar daşary ýurt dillerini bilmek bilen birlikde, diplomatik gatnaşyklarynda we gepleşiklerde professional terjimeçilik ussatlygynyň hem bardygyny görkezmegi başardylar. Şeýle bäsleşikleri geçirmegiň esasy maksady talyplaryň diplomatik terjime we professional dil endiklerini kämilleşdirmekden we “Lingvo World” ylmy gurnagynyň üsti bilen ýaşlaryň ylmy we amaly ukyplaryny ösdürmekden, halkara terjimeçilik däplerine we bu hünäre bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçip, talyplara öz bilimlerini amalyýetde görkezmek we tejribe toplamak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Bäsleşigiň netijelerine görä, 1-nji orna Halkara hukugy fakulteti, 2-nji orna Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti, 3-nji orna Halkara gatnaşyklary fakulteti eýe boldy.
Bäsleşige gatnaşanlar eziz Diýarymyzda dil öwrenmäge şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tagandurdy GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby