Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
        • Awaza duşuşyklaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • Экспертный взгляд на итоги Авазинского саммита формата «С6»
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / Telekeçilik işi – ösüş ýolunda
    Telekeçilik işi – ösüş ýolunda surady
    30/11/-0001

    2150

    Telekeçilik işi – ösüş ýolunda

    2022-nji ýylyň aprel aýynyň 13-ne paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli, ýurduň hususy pudagynyň gazananlaryny görkezýän ýokary derejedäki sergi öz işine başlady. Sergi merkezinde hususy pudagyň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň 200-e golaýynyň pawilýonlary ýerleşdirildi. Bu sergä ýurdumyzda öndürilýän oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, gurluşyk materiallary, we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, ylym-bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, türkmen milli haly önümler, halk senetçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp, öz gazanan üstünliklerini görkezýärler.

    Sergä işjeň gatnaşan “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýetiniň direktory Kakaly Geldiýewiň gürrüň bermegine görä, 2021-nji ýylda Ak Bugdaý etrabynda “Nusga” atly ruçkalary öndürip başlandygy barada aýtdy. Häzirki wagtda hojalykda 4 sany reňkli syýaly hem-de, 3 sany ysly syýaly ruçkalaryň görnüşleri öndürilýär. Bu ruçkalar öndürilip Russiýa Federasiýasyna eksporta hem goýberilýär. Mundan başga-da, geljekde diňe bir ruçka däl, eýsem, bozguçlary, dürli galamlary, galam artylýan we başga-da kanselýariýa önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar.

    Sergide telekeçi K.Geldiýew 2020-nji ýylda Kaka etrabynda miweçilik bilen meşgullanyp ugrandygyny belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä dürli miwe önümlerini ýurdumyzyň bazarlaryna ibermek hem-de daşary ýurtlara eksport etmek göz öňünde tutulýar. Sergä gatnaşyjy hususy telekeçiler döwlet tarapyndan berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

    Döwlet JUMAGYLYJOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň

    2-nji ýyl talyby

    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/62916/turkmenistanda-syyagalamlaryn-gornusleri-artdyryar

    Soňky täzelikler

    GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ EKOLOGIÝA SYÝASATYNYŇ OŇYN TEJRIBESI ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    22/10/2026

    GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ EKOLOGIÝA SYÝASATYNYŇ OŇYN TEJRIBESI ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE  BARÝAN ÝOL surady

    22/10/2026

    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOL
    HAFEZ ŞIRAZYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI GURALAN MEDENI-EDEBI ÇÄRE surady

    20/10/2026

    HAFEZ ŞIRAZYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI MYNASYBETLI GURALAN MEDENI-EDEBI ÇÄRE
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI