Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ylmy-amaly maslahatlar / Tanyşdyrylyş dabarasy
    Tanyşdyrylyş dabarasy surady
    30/11/-0001

    1232

    Tanyşdyrylyş dabarasy

    2021-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygynyň gurnamagynda Stambul uniwersitetiniň Jerrahpaşa ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat we Türkmenistanyň Prezidentiniň çuňňur paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor – mugallymlary we talyplary göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

     Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan uly işleriň örän möhümdigi nygtaldy. Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlyk dünýä halklarynyň özara düşünişmegini goldamagyň, şeýle hem syýasy we ykdysady taýdan gatnaşyk etmekleri üçin oňaýly ýagdaýlary döretmegiň möhüm guraly hökmünde düşünilýär. Şonuň üçin hem, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda beýan edilýän gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan däp-dessurlarymyz hem-de umumadamzat bähbitli öwüt – ündewlerimiz, ýörelgelerimiz ähli halklarda uly gyzyklanma tapýar. Dabarada bellenilişi ýaly, sentýabr aýynda neşir edilen bu kitabyň hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine terjime edilmegi, şeýle hem bu sanawa kitabyň türk diline terjime edilen görnüşiniň goşulmagy doganlyk halklaryň medeni gatnaşyklarynyň güýçli depginler bilen ösýandiginiň aýdyň subutnamasydyr.

     Dabarada çykyş edenler iki doganlyk halkyň taryhy – medeni we ruhy umumylygyny, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge tarap ýörelgelere ygrarlydygyny, dostlukly türkmen – türk gatnaşyklarynyň mizemez binýady bolup durýandygyny nygtadylar.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bu kitabyň dostlukly gatnaşyklaryň ösmeginde uly goşant boljakdygyny belläp, mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il – ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


    Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    “INNOWASIÝALAR, PARAHATÇYLYK, DURNUKLY ÖSÜŞ”  ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT surady

    12/06/2025

    “INNOWASIÝALAR, PARAHATÇYLYK, DURNUKLY ÖSÜŞ” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT
    Onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi surady

    11/06/2025

    Onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi
    SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY surady

    15/05/2025

    SANLY ULGAM ARKALY YLMY-AMALY MASLAHATA GATNAŞYLDY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI