19/12/2025
42
«JEMAGAT DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄSIRINIŇ ARTMAGYNDA SANY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY» ATLY YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Jemagat diplomatiýasynyň täsiriniň artmagynda sanly tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem-de institutyň mugallymlary, talyplary we magistrantlary gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekili M.Tangiýew öz çykyşynda ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ösdürmekde alnyp barylýan işleriň hukuk esaslary barada belläp geçdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili A.Jumagulyýew ýurdumyzyň sanly diplomatiýasy we onuň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
Şeýle-de çykyş edenler jemagat diplomatiýasynyň taryhy, onuň häzirki wagtda eýeleýän orny we ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da, döwrebap internet tehnologiýalarynyň döremegi bilen diplomatiýanyň häzirki zaman şertlerine uýgunlaşan usullarynyň kemala gelmegine giň ýol açýandygyny nygtadylar.
Ylmy-döredijilik maslahatyň işi üstünlikli jemlenip, oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ägirt uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.