26/02/2026
116
«TALYP GÖZELI – 2026» BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň zehin-başarnygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen, “Halkara zenanlar güni” mynasybetli her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli – 2026” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi.
Bäsleşikde fakultetlerden saýlanan talyp gyzlar çykyş etdiler.
Bäsleşigiň ilkinji şertine laýyklykda talyplar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylynyň joşgunly owazyny, özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryna siňdirip ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň soňky şertlerine görä talyplar “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek we “Hünärim bar – hormatym bar” şygar astynda keşde çekmek ukyplaryny açyp görkezmek boýunça bäsdeşdiler.
Gözellik bäsleşiginiň netijeleri boýunça 1-nji orna institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Bägül Durdyýewa mynasyp bolup, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňiji bolan we tapawutly çykyş eden talyp gyzlara institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Sülgün ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.