10/06/2025
277
TALYBYMYZ HALKARA YLMY-TASLAMA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
hem-de Ylymlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Bilim, Oba hojalyk ministrlikleri bilen bilelikde
guramagynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly
ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň
arasynda geçirilen halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak
dabarasy geçirildi. Bu ylmy-taslama bäsleşigi Türkmenistanyň ylym-bilim
ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, talyplaryň döredijilik
ukyp-başarnyklaryny, ylmy gözleglere, hünärine bolan höwesini artdyrmak
maksady bilen, üçünji gezek guraldy.
Halkara ylmy-taslama bäsleşigine Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
II talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew hem özüniň «Beýi ýapragynyň we onuň
demlemesiniň melhemlik häsiýetleri» atly ylmy işi bilen gatnaşdy we baýrakly III
orna mynasyp boldy. Talybyň taslama işine halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy Sülgün Nepesowa ylmy ýolbaşçylyk etdi.
«Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy-taslama
bäsleşiginiň I tapgyryna ýurdumyzdan hem-de Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Türkiýe,
Gazagystan, Hytaý, Belarus, Latwiýa, Malaýziýa, Polşa, Çernogoriýa, Sloweniýa
döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden 131 iş hödürlenip, olar eminler topary
tarapyndan içgin seljerildi. Netijede, onuň II tapgyryna 36 sany ylmy-taslama işiniň
awtorlary gatnaşdylar.
Ikinji tapgyryň netijeleri boýunça 18 ylmy-taslama işiniň awtorlary ýeňiji diýlip
yglan edildi. Olaryň 3-si daşary ýurtlaryň, 15-si ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň talyplarynyň işleridir. Bäsleşikde birinji orna 4, ikinji orna 6, üçünji
orna 8 ylmy-taslama işi mynasyp boldy.
Talyp ýaşlarymyz ylmy-taslama bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, öz zehin-
başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, ylymda täze üstünliklere ýetmekleri üçin giň
mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza öz minnetdarlygyny bildirdiler.
Gyzylgül GURBANMUHAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy