Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Suw diplomatiýasy / SUW DIPLOMATIÝASY UGRY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    SUW DIPLOMATIÝASY UGRY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    SUW DIPLOMATIÝASY UGRY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    SUW DIPLOMATIÝASY UGRY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    SUW DIPLOMATIÝASY UGRY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    26/12/2023

    1275

    SUW DIPLOMATIÝASY UGRY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY

    2023-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa bölüminiň başlygy S.Eýeberenowyň alyp barmagynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Türkmenistanyň suw gorlary we olary rejeli ulanmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy” atly tema boýunça okuw sapagy geçirildi.
    Bu günki okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekili, hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny sazlaşykly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi, suwy rejeli ulanmak syýasatynyň çäklerinde “Altyn asyr” Türkmen kölüni özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň yzygiderli amala aşyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistan suw serişdelerinden, serhetüsti suwlardan rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Bu babatda halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmegine hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň doly hasaba alynmagyna uly üns berilýär.
    Talyplar üçin suw diplomatiýasy ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy örän täsirli bolup, onda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdyrlar.

    Aýlar ŞÜKÜROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    16/04/2025

    SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    OKUW SAPAKLARYNYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLANDY surady

    26/02/2025

    OKUW SAPAKLARYNYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLANDY
    TÜRKMENISTANYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ  KONSULY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    27/12/2024

    TÜRKMENISTANYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ KONSULY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI