08/04/2025
502
“Suw damjasy – altyn dänesi”
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň «EcoClub»
gurnagynyň guramagynda «Suw damjasy – altyn dänesi» atly çäre geçirildi. Bu
çärä Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji we 2-nji ýyl talyplary, şeýle-de
«EcoClub» gurnagynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwy tygşytlamak, suw
baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, Bitarap Türkmenistanyň suw diplomatiýasyny
işjeňleşdirmek, ekologiýany we daşky gurşawy goramak syýasaty dogrusynda
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary taýýarlan prezentasiýalary bilen çykyş
etdiler. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi türkmen diplomatiýasynyň milli
mekdebiniň talyplary bolan geljekki halkaraçy hünärmenleriň tebigata bolan
söýgüsiniň ýokarlanmagynda, olaryň ekologiýa düşünjeliliginiň ösdürilmeginde
möhüm ähmiýeti bar.
Aýsona AMANJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI