05/12/2025
66
SPORTUŇ GÖRNÜŞLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli talyp ýaşlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa institutyň ähli fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşik örän gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, oňa gatnaşan talyplar öz fakultetleri boýunça ýörite toparlar esasynda bölünip, sportuň ähli görnüşi boýunça bäsleşdiler. Soňra bu bäsleşikde gowy netije görkezen toparlara bedenterbiýe mugallymlary tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.
Şeýle sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Kakamyrat ÝAZJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.