392
“ÝAPON MEDENIÝETI―TÄSINLIKLER DÜNÝÄSI” ATLY PREZENTASIÝA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýapon we hytaý dili hepdeliginiň çäginde “Ýapon medeniýeti―täsinlikler dünýäsi” atly prezentasiýa bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige ýapon dilini öwrenýän III we IV ýyl talyp ýaşlar gatnaşdylar. Talyplar Ýaponiýanyň taryhy, milleti, meşhur şäherleri we ýadygärlikleri, ýapon medeniýeti, aýdym-saz we kino sungaty dogrusynda çykyş etdiler. Bäsleşigiň barşynda türkmen-ýapon halkara hyzmatdaşlygy, ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitler dogrusynda hem täsirli beýan edildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan talyplara Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilip durulmagy talyp ýaşlaryň Ýaponiýa we ýapon dili baradaky bilimlerini artdyrmakda uly goşant bolar.
Dünýägözel BABAHANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
