Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / ŞÖHRATLY TARYHYM – GÖRELDE MEKDEBIM
    ŞÖHRATLY TARYHYM – GÖRELDE MEKDEBIM surady
    30/11/-0001

    1199

    ŞÖHRATLY TARYHYM – GÖRELDE MEKDEBIM

    2021-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň “Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň agzalary bilen “Şöhratly taryhym – görelde mekdebim” atly iňlis dilinde ylmy-seminar geçirildi. Seminaryň dowamynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy A.Baýmuradowa hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň döwrebap bilimli, milli terbiýeli bolmaklary üçin edýän bimöçber aladalary hakynda belläp, taryhyň, aýratyn hem, türkmen taryhynyň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde wajypdygyny belledi. Mugallym beýik alym Mahmyt Zamahşary barada çykyş edip, alymyň ylymda gazananlary, onuň görelde alarlyk durmuş ýoly hakynda giňişleýin gürrüň berdi.

    Ylmy seminaryň dowamynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby Dilnoza Muhadowa, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa fakultetiniň II ýyl talyby Akgözel Rasulowa türkmen halkynyň şöhratly taryhyny beýan edýän iňlis dilindäki ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler.

    “Paýhas we parasat” gurnagynyň agzalary bilen geljekde geçiriljek seminarlaryň temalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem olaryň arasynda “Beýik Mogollar döwletiniň han-hanany - Bayram han” atly bäsleşik yglan edildi we bäsleşigiň şertleri bilen tanyşdyryldy.

    Ylmy seminary Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa jemledi. Ol talyplara geljekde hem gurnagyň işine işjeň gatnaşmaklygy, daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenmekligi, ylym bilen meşgullanmagy dowam etmekligi maslahat berdi.

    Aýna BAÝMURADOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY surady

    21/01/2026

    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI